
Oguzlaryň siýasi birikmelerinde, ýokary häkimiýetlik ÝABGU lakaby bolan patyşahyň golunda bolupdyr. Ýabgu-da öz hyzmatkärleri bilen göçüp-gonup ýörüpdir. Patyşahyň hökmürowanlygy GEŇEŞ bilen çäklendirilipdir. Onda urug-taýpa begleridir- hanlary agalyk edip, olar patyşah bilen deň adamlar hökmünde, orta atylan meseleleri çözmäge gatnaşypdyrlar. Täze patyşahy geňeşde saýlamak hem hanlardyr-begleriň doly ygtyýarynda bolupdyr.
Oguzlaryň döwlet guramasynda ikinji ýokary wezipäni SUBAŞY lakaby bolan harby serkerde eýeläpdir. Daşardan aralaşan duşmana gaýtawul bermek ýa-da giň göwrümli harby ýörişler geçirmek gerek bolanda, subaşy urug-taýpa serkerdelerine-hanlaryna elinde belli nusgadaky ýaýyň oky bolan çaparlary ýollapdyr. Oky alan han-da öz adamlaryny ýygnap, atly nökerleri-ildeşleri bilen subaşyň huzuryna barýanmyş.
————-
Türkmen folklory, Dr. Mehmet Kylyç