قالب وردپرس

July 10, 2020

DAŇDANAKAN SÖWEŞINIŇ ÄHEMIÝETI

DAŇDANAKAN SÖWEŞINIŇ ÄHEMIÝETI

DAŇDANAKAN SÖWEŞINIŇ ÄHEMIÝETI

Daňdanakan söweşi 1040-njy ýylyň 23-nji maýynda Daňdanakanda¹ (Daşrabatda) – Merw bilen Saragtyň aralygynda bolýar. Bu uruş beýik Seljuk türkmen döwleti bilen Gaznaly türkmen döwletiniň arasynda bolup geçýär. Söweşde Seljukly türkmenlerine doganlar Togrul beg bilen Çagry beg ýolbaşçylyk edipdir. Söweş Gaznalylaryň kül-peýekun edilmegi bilen gutarýar. Daňdanakan söweşi esasan Sarahs, Abiwerd, Ferawa töwereklerinde seljuklylaryň ymykly oturymly ýer islemegi sebäpli bolupdyr. Bu isleglere soltan Masut Gaznaly uruş ýoluny saýlap jogap beripdir.

Daňdanakan söweşi mundan öňki (1035, 1038, 1040-njy ýyllarda)  bolan Gaznaly Seljuk uruşlarynyň dowamy bolupdyr. Bu söweşden soň diňe bir Horasan däl, eýsem tutuş Eýran hem Seljuklaryň gol astyna düşüpdir. Daňdanakan söweşi türkmen halkynyň taryhynda ilkinji merkezleşdirilen beýik döwletiň başlangyjy bolýar. Bu döwlet ХI- ХII asyrlarda tutuş Orta Gündogarda öz hökümini ýöredýär.
Seljukly döwletiň gurulmagy bilen islamyň syýasy häkimiýeti Oguzlaryň eline geçdi hem-de Anadoly we goňşy ülkeler olaryň ýurdy boldy. Oguzlaryň Kiçi Asiýany eýelemegi, ädim-ädim ilerläp gelýän Bizansyň ýoluny kesip, soňunda hem bu döwletiň synmagyna sebäp boldy.

————

Çeşme: Gollanma saýty we Oguzlar (Türkmenler), Prof. Faruk Sümer.

1- Daňdanakan, Sarahsdan Mara gidýän Ýüpek ýolunuň ugrunda bolan orta asyr şäheriniň ady.

Karta: X. asyr oguzlar we goňşy türkler.

Related posts

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *

%d bloggers like this: